Boşan tussaglar Tährany terk etdi

Jason Rezaian we Amir Hekmati

Tussag çalyşmak ylalaşygynyň çäginde Eýranyň türmesinden boşadylan dört tussag Tährany terk etdi diýip, ABŞ resmisi we Eýranyň döwlet mediasy 17-nji ýanwarda habar berdi.

Ol dört adam, Jason Rezaian, “Washington Post» gazetiniň Tährandaky býurosynyň başlygy, idaholy pastor Saeed Abedini, Flintden, Miçigan, ozalky deňizçi Amir Hekmati we Nosratollah Khosravi-Roodsari dagydyr.

Ady aýdylmadyk resmi habar gulluklaryna bu dört adamyň şweýsar uçarynda Tährany terk edendigini aýdypdyr.

«Washington Post» Rezaianyň aýaly Ýeganeh Salehi bilen sag-aman Eýrandan çykandygyny tassyk etdi.

Bäşinji tussag, amerikan studenti Matthew Trevithik aýratynlykda boşadyldy.
Eýran bäş amerikalynyň azat edilendigini 16-njy ýanwarda, Tährana garşy halkara sanksiýalarynyň ýatyrylan gününde yglan etdi.

ABŞ tussag çalyşmak ylalaşygy esasynda ýedi eýranla rehim etdi, olaryň altysy amerikan-eýran goşa raýatlygyna eýe. Bular Birleşen Ştatlarda jogapkärçilige çekilen ýa-da sud edilýän adamlardy.

Günbatar mediasy olaryň Nader Modanlo, Bahram Mechanic, Khosrow Afghahi, Arash Ghahreman, Tooraj Faridi, Nima Golestaneh we Ali Saboonchi dagydygyny habar berýär.