ABŞ-nyň 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlarynda Demokratik partiýasynyň dalaşgäri bolmak üçin üç kandidat 1-nji fewralda ses berişligiň geçirilmeginden ozal soňky gezek çekeleşik üçin duşuşdylar.
Öňde baryjy kandidat we ABŞ-nyň öňki döwlet sekretary Hillary Klinton 17-nji ýanwarda esasy bäsdeşi senator Bernie Sanders bilen saglygy saklaýyş, ýaraga gözegçilik we uly maliýe guramalaryny düzgünleşdirmek boýunça reformalaryň üstünde jedelleşdi.
Klinton Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen gatnaşygy barada özüne berlen sowala “bu gyzykly” diýip jogap berdi.
Klinton 2009-njy ýylda döwlet sekretary bolan döwründe Orsýet bilen gatnaşyklaryň “dikeldilmegini” gorap çykyş etdi we munuň Moskwanyň ABŞ bilen ýadro ýaragyna gözegçilik we Eýranyň ýadro programmasy boýunça hyzmatdaşlygynyň netijesi bolandygyny aýtdy.
Şeýle-de çekeleşiklere Maryland ştatynyň öňki gubernatory Martin O'Malley hem gatnaşdy.