Türkmenistan 'dümew barlaýar'

Aşgabadyň halkara aerporty.

Ýurda doňuz dümewiniň (A/H1N1) aralaşmazlygy üçin, Türkmenistan Aşgabatdaky we Türkmenbaşydaky halkara aeportlarynda medisina gözegçiligini güýçlendirýär.

TDH-nyň maglumatyna görä, anna güni geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenbaşynyň halkara portunda hem dümew sebäpli gözegçiligiň güýçlendirilendigi aýdylypdyr.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde saglyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Sapardudy Toýlyýewiň beren hasabatyna görä, dünýäniň köp ýurdunda A/H1N1 dümewi bilen keselleýän adamlaryň köpelmegi bilen bagly, Türkmenistanda dümewe we beýleki ýokanç kesellere garşy görülýän öňüni alyş çäreleri mazaly güýçlendirildi.

Şonuň bilen bir wagtda-da ol şu güne çenli Türkmenistanda A/H1N1 wirusy ýokuşan bir adamyň hem ýüze çykarylmandygyny aýtdy.

Toýlyýewiň tassyklamagyna görä, halkara aeportlarynda we deňiz portunda uzak aralykdan ýolagçylaryň kesel alamatlaryny kesgitleýän, bedeniniň gyzgynyny ölçeýän termoskanerler işledilýär.