Bulujystanda 4 ofiser öldürildi

Günorta-günbatar Pakistanda guralan hüjümde dört sany polisiýa ofiseri öldürildi, olaryň ikisi wakanyň bolan ýerinde, ikisi bolsa hassahanada öldi.

Polisiýa ýaragly adamlaryň 28-nji ýanwarda Kwettede, Bulujystan welaýatynyň paýtagtynda ýoldan motorly barýarkalar polisiýa ofiserlerini oka tutandyklaryny aýdýar.

Hüjümçiler gaçyp gutuldylar, emma olaryň gözlegi dowam etdirilýär.

Hüjümiň jogapkärçiligini Pakistanyň «Talybany» öz üstüne aldy.