ABŞ: Trump ses berişlikde yza çekildi

Tehasly senator Ted Kruz (s) we milliarder Donald Trump (ç)

Tehasly senator Ted Kruz Iowa ştatynda respublikanlaryň 1-nji fewralda geçiren saýlaw ýygnagynda öňe saýlanyp, milliarder Donald Trumpdan üstün çykdy.

Demokratlaryň arasynda öňki döwlet sekretary Hillari Klinton we Wermont ştatyndan senator Bernie Sanders deň derejede baryp, Klinton 49.9% ses toplap, sähelçe tapawut bilen öňe çykdy.

Kruz 27.7% ses toplady, Trump 26%.

Ençeme aýyň dowamynda respublikanlaryň arasynda öňde baran we aýallar hem azlyklar barada gapma-garşy pikirleri bilen dünýä metbugatynyň üns merkezine düşen Donald Trumpyň saýlaw prosesinde gazanan netijesi onuň üçin uly ýitgi boldy.

Iowadaky saýlaw ýygnagyna gatnaşan ses berijiler 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlary ugrunda öz isleglerini ilkinji bolup mälim etdiler.