Kitap tanky hem bolýar

Argentinada Raul Lemesoff atly bir sungat işgäri ýaşaýar. Raul, söweş tanklaryny kitap tanklaryna, ýagny kitaphana tankyna öwürýär. Ol şeýle kitaphanalaryny bolsa "Köpçülikleýin sowatlandyryş ýaraglary" diýip atlandyrýar.

Suratda görýän "tankyňyz" 1979-njy ýylda öndürilen "Ford Falcon" kysymly bir tank. Ol tank owal Argentinanyň harby güýçlerine hyzmat edipdi.

Hökümet bir wagtlar ol tankdan ýurduň paýtagty Buenos Aýresde ýaşlary we syýasy dissidentleri güllä tutupdyr. Şonda onlarça müň student, öňdebaryjy, aktiwistler heläk bolupdyrlar.

Häzir bolsa Raul oňa kitap baryny ýükläp, Buenos Aýres şäheriniň köçelerinde "Roman bar, roman!" diýip gygyryp sürüp, aýlanyp ýör.

Kitaplary, okajak diýip söz beren adamlara mugt, ýagny pulsuz paýlaýarlar.

Ol geçen ýylyň mart aýynda başlanan bu kitaplary tankly ýaýratmak işini golaýda gurnaljak Günorta Amerikanyň kitap günlerinde hem alyp barmaga taýýarlanýar.

"Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen" diýlişi ýaly, bu görnüşi iň gowusy öz gözüň bilen görmek: