Pakistan «Talyban» bilen owgan hökümetiniň arasyndaky parahatçylyk prosesiniň «işledip boljak planyny» düzmäge çagyrdy.
Owganystanyň, Pakistanyň, Birleşen Ştatlaryň we Hytaýyň wekilleri, Kabul bilen «Talybanyň» arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň esasyny goýmak üçin, Yslamabatda gepleşikleriň üçünji tapgyryny geçirýärler.
«Biziň pikirimizçe, owgan hökümeti bilen talyban toparlarynyň arasyndaky parahatçylyk prosesi üçin gowy işlenip düzülen, hereket edip boljak plan möhüm» diýip, Pakistanyň daşarky meseleler boýunça geňeşçisi Sartaj Aziz 6-njy fewralda başlanan gepleşikleriň başynda aýtdy.
Emma bu iki tarap, on ýyldan hem uzaga çeken uruşdan soň, bir-birinden örän üzňelikde galýar. Owgan liderleri parahatçylyk prosesine goşulmadyk islendik görnüşdäki pitneçiligi köki bilen köwläp aýyrmagy wada berdiler.
«Talyban» bolsa, gepleşiklerden öň ähli daşary ýurt güýçleriniň ýurtdan çykarylmagy baradaky talabyny gaýtalaýar.
Şeýle-de «Talyban» talyban tussaglarynyň boşadylmagyny, nähilem bolsa yslam dolandyryşynyň gurulmagyny talap edýär.