Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň döwlet ösüş banky – Wneşekonombankyň (WEB) başlygyny wezipesinden boşatdy.
Kremliň 26-njy fewralda ýaýradan beýanatynda WEB-iň başlygy Wladimir Dmitriýewiň deregine “Sberbankyň” wise-prezidenti Sergeý Gorkowyň bellenilendigi mälim edildi.
Orsýetiň ykdysadyýetiniň haýallamagy sebäpli beýleki rus banklary ýaly WEB hem kynçylyklary başdan geçirýär.
Bu bank 24-nji fewralda “Moody” atly agentlik tarapyndan derejesi pese gaçan ýedi rus maliýe edarasynyň biri diýlip atlandyrylypdy.