Dawutoglu: regiona umumy perspektiwa zerur

Ahmet Dawutoglu prezident Hassan Rohani bilen, Tähran, 5-nji mart.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu Ankara we Tähran, regiondaky mezhep agzalalygynyň soňuna çykmak üçin, «umumy perspektiwa» işläp düzmeli diýdi.

Dawutoglu bu sözleri 5-nji martda, Tährana sapary mahalynda aýtdy.

"Biziň başga-başga garaýyşlarymyz bolup biler, emma biz öz taryhymyzy ýa-da geografiýamyzy üýtgedip bilmeýäris» diýip, ol Eýranyň wise-prezidenti Işa Jahangiriniň ýanynda durup aýtdy.

«Türkiýe bilen Eýranyň regiondaky doganlaryň arasyndaky duşmançylygy soňlamak, etniki we mezhebara konfliktleri duruzmak üçin umumy bir perspektiwa işläp düzmegi örän möhüm» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Jahangiri käbir regional meselelerde başga-başga garaýyşlaryň bardygyny boýun aldy, ýöne Tähranyň sebitde durnuklylygy gazanmak üçin elden gelen tagallany gaýgyrmajakdygyny hem sözüne goşdy.

Türkiýe we Eýran Siriýadaky uruş babatda başga-başga pikirde durýar. Eýranyň şaýy režimi Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýar, Türkiýe bolsa bu režimi tankytlaýan sünni oppozisiýasyny goldaýar.