Eýran soňky birnäçe günüň dowamynda ikinji synagyny geçirip, iki ballistik raketasyny uçurdy.
Eýran mediasy “Kadr H” kysymly iki raketanyň 9-njy martda Eýranyň demirgazygyndan uçurylyp, günorta-gündogarda 1400 kilometr uzaklykdaky nyşana ýetendigini habar berdi.
Ýarym resmi “Fars” agentligine görä, raketanyň ýüzünde “Ysraýyl ýok edilmeli” diýlen ýazgynyň bolandygyny habar berdi.
Raketalaryň uçurylmagy baradaky habar ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Bideniň Ýakyn Gündogara saparynyň çäginde Ysraýyla baran güni peýda boldy.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti Eýranyň 8-nji martda eden raketa synagyny ýazgary we bu meseläni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde gozgamagy wada berdi.
Iki aý mundan ozal Waşington Eýranyň 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda synan Emad raketalary bilen bagly programmasyna gatnaşygy bolan biznes şirketlerine we şahslara garşy sanksiýa girizdi.