Aşgabatda "Altyn asyr" abadanlaşdyrylar

Abadanlaşdyrylýan Aşgabat

Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde prezidentiň garamagyna Aşgabatdaky «Altyn asyr» seýilgähiniň durkuny täzelemegiň şekil-taslamasy hödürlendi.

Türkmen telewideniýesiniň bu proekt barada beren habarynda Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygynyň günorta-gündogar tarapynda ýerleşýän seýilgähiň durkuny täzelemek we abadanlaşdyryp gurmak işi üçin harçlanjak döwlet serişdesiniň möçberi we bu işiň haçan başlanylyp, haçan tamamlanyljakdygy barada maglumat berilmeýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu proýekti makullap, Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň wajypdygyny aýdypdyr.