Brýussel aeroporty 29-yndan bärde açylmaz

Hüjümde güman edilýänler

Brýusseliň aeroporty 29-njy martdan bärde ýolagçylar üçin gaýtadan açylmaz diýip, aeroport 26-njy martda öz websaýtynda çap eden beýanatynda aýtdy.

Brýussel aeroporty janyndan geçen bombaçylaryň aeportda we metro stansiýasynda amala aşyran hüjümlerinden soň täze howpsuzlyk çärelerini görýändigini aýtdy.

22-nji martdaky hüjümlerde 31 adam öldürilip, 270 çemesi adam ýaryly bolupdy. Bu hüjümleriň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» ekstremist topary öz üstüne aldy.

Brýusseliň polisiýasy 25-nji martda 22-nji martdaky hüjümler bilen ilteşikli üç adamy tussag etdi. Belgiýanyň döwlet telewideniýesi tussag edilenleriň biriniň partlaýjyly sumkany göteren kişidigini aýtdy.