Orsýet: Öňki ombudsmen saýlawlara ýolbaşçylyk eder

Orsýetiň prezidentiniň adam hukuklary boýunça öňki ombudsmeni Ella Pamfilowa

Orsýetiň prezidentiniň adam hukuklary boýunça öňki ombudsmeni Ella Pamfilowa sentýabr aýynda geçiriljek parlament saýlawlaryndan öň ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasynyň täze ýolbaşçysy wezipesine saýlandy.

Merkezi saýlaw komissiýasyna ýolbaşçy saýlamak boýunça ses berişlik 28-nji martda geçirildi.

Prezident Wladimir Putin 15 agzaly saýlaw komissiýasyna 3-nji martda hödürlän bäş dalaşgäriniň arasynda Pamfilowany teklip edipdi. Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow komissiýadaky üýtgeşiklikleri “adaty öwrülişik” diýip atlandyrdy.

62 ýaşly Pamfilowa 20 ýyldan gowrak wagt bäri adam hukuklaryny goraýan abraýly aktiwist bolup, döwletiň we raýat jemgyýetçiligi ugurnda hereket edýän guramalaryň arasynda konstruktiw dialogyň tarapynda çykyş edip gelýär.

Pamfilowa 2014-nji ýylda Orsýetiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili edilip bellenipdi.

Merkezi saýlaw komissiýasyna 2007-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk eden we 27-nji martda iş möhleti dolan Wladimir Çurow saýlawlary galplaşdyrmak bilen bagly tankytlara sezewar bolupdy.