Rohani reformaçylaryň ýeňşini gutlady

Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani aram-reformaçy birleşigiň parlament saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda gazanan üstünligini gutlady.

Rohani 1-nji maýda, Işçiler gününe bagyşlanan dabarada çykyş edip, saýlawçylary 29-njy apreldäki saýlawlarda iň gowy kandidatlary saýlamaklary bilen gutlady.

Rohani bilen ýaranlykdaky reformaçy we aram syýasatçylar parlamentde jemi 42 orun gazanmagy başardylar, bu doly köplükden biraz az bolýar.

Emma olar 2004-nji ýyldan bäri ilkinji gezek öz konserwatiw bäsdeşlerinden agdyklyk edýärler.

Täze parlamentde indi 133 reformaçy, 125 konserwatiw deputat bolar. Galan orunlar garaşsyzlara we azlykdakylara gitdi.