Bişkek: Altyn käniniň daşary ýurtly eýeleri ýurdy terk etdi

"Kumtor" altyn käni

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri “Kumtor” altyn kärhanasynyň derňew astyna düşmeginiň yzýany kompaniýanyň wise-prezidentleri bolan iki daşary ýurtlynyň ýurdy terk edendigi baradaky maglumatlary tassykladylar.

Baş prokuraturadaky çeşmeleriň 2-nji maýda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, gyrgyz häkimiýetleri kompaniýanyň iki ýolbaşçysyny daşary ýurtlardaky bank hasaplaryna millionlarça dollar möçberde pul geçirilmegi bilen bagly bikanun bolmagy güman edilýän hasaplaşyklar dogrusynda soraga çagyrypdyr.

29-njy aprelde Gyrgyzystanyň media maglumatlarynda häkimiýetleriň kompaniýanyň Bişkekdäki edarasyna reýd geçirmeginden soň wise-prezidentler Mark Burtonyň we Leslie Louwyň ýurdy terk edendikleri barada habar berildi.

“Kumtor” altyn kompaniýasynyň esasy bölegine Kanadanyň “Centerra Gold” şirketi eýeçilik edýär we Gyrgyzystanyň iň uly altyn känini dolandyrýar.

2012-nji ýyldan bäri ýerli ýaşaýjylar “Kumtor” altyn känini millileşdirmegi talap edip ençeme protest çykyşyny geçirdiler.

“Centerra Gold” kompaniýasynyň we Gyrgyzystanyň hökümetiniň arasynda “Kumtor” kompaniýasynyň söwdasyna degişli gepleşikler dekabr aýynda petige direldi.