Owgan 'Messi' oglanjygy Pakistana gaçdy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Owgan oglanjygy Pakistana gaçdy

Tanymal futbolçy Lionel Messiden özüniň gol goýan maýkasyny sowgat alan 5 ýaşyndaky owgan oglanjygyň maşgalasy, telefon arkaly gelip gowşan yzygiderli haýbatlar sebäpli Owganystany terk etdi.

Murtaza Ahmadiniň dogan-garyndaşlary oglanjygyň alnyp gaçylmagyndan alada edip, özleriniň aprel aýynda Pakistana göçendiklerini aýdýarlar. Murtaza argentinaly futbolçy Messiniň maýkasynyň belgisi goýlan öýde ýasalan maýkany geýip, futbol oýnaýan wagty surata düşürilenden soň, halkara metbugatynyň ünsüni özüne çekipdi.

Muratazanyň maşgalasynyň aýtmagyna görä, olara guramaçylykly jenaýat topary ýaly bolup görünýän adamlar tarapyndan telefon arkaly haýbatlar gelip gowşupdyr.

Şu ýylyň fewral aýynda meşhur futbolçy Lionel Messi Murtazanyň plastik torbadan ýasalan maýkadaky suratyny görensoň, oňa özüniň gol goýan iki sany maýkasyny we futbol topuny ugratdy.