Germaniýada geçen ýyl ýurda gelen migrantlar hasaba alynýan mahaly, Berlin gaçybatalga soraýanlaryň aglaba böleginiň ünsüni özüne çekmegi dowam etdirýär. Emma muňa garamazdan, Germaniýa täze baran migrantlaryň sany öňküsinden ep-esli az.
Germaniýanyň Içeri işler ministrliginiň 9-njy maýda beren maglumatyna görä, şu ýylyň aprel aýynda gaçybatalga soraýan 60,943 adam hasaba alnypdyr. Bu san geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 125%-e golaý ýokarydyr, emma şu ýylyň mart aýyndakydan bolsa diňe 1,6% köpdür.
Geçen ýyl Germaniýa 1,1 million çemesi migrant geldi. Olaryň resmi taýdan gaçybatalga soramagy üçin birnäçe aý wagt gerek bolýar.
Germaniýa täze gelen migrantlaryň aglabasy siriýalylardan, owganystanlylardan we yraklylardan ybaratdyr.