Awstraliýada bir kanun firmasy Malaýziýa Howaýollarynyň 2014-nji ýylda urlup ýykylan ýolagçy uçarynyň (MH17) pidalarynyň adyndan Orsýetiň we prezident Wladimir Putiniň kompensasiýa tölemegini talap edip, şikaýat arzasyny ýazdy.
21-nji maýdaky habarlarda LHD aklawçylar firmasynyň 9-njy maýda Ýewropanyň Adam hukuklary suduna beren arzasynda pidalaryň ýakyn garyndaşlarynyň 33-siniň adynyň getirilýändigi aýdylýar.
Bu arzada her ýolagçy üçin 10 million dollar kompensasiýa soralýar. Malaýziýanyň ýolagçy uçary 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda, Ukrainanyň asmanynda, orsýetçi separatistleriň kontrollyk edýän ýerinde heläkçilige uçardy. Onuň bortunda 298 adam bardy, olaryň 28-si awstraliýalydy.
Bu uçar Amsterdamdan Kuala-Lumpura barýardy. Gollandiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň geçen ýyl gelen netijelerine görä, ol uçar Orsýetde ýasalan ýer-asman raketasy bilen urlup ýykyldy.