Nazarbaýew: Hüjümçilere daşary ýurtdan görkezme berildi

Gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew

8-nji iýunda gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Aktobe şäherini sarsdyran soňky hüjümleri amala aşyran hüjümçiler "görkezmeleri daşary ýurtlardan alypdypdyrlar" diýip, güman edilýänlere ölüm jezasynyň berilmegini teklip etdi.

Bu gazak lideriniň sany onlarça bolan ýaragly adamlaryň 5-nji iýunda eden hüjümlerinden soňra beren ilkinji beýanatydyr. "Terrora garşy operasiýalaryň" geçirilmegine getiren hadysalarda hüjümçiler bilen birlikde ýigrimiden agdyk adam öldi.

Hadysalaryň jogapkärçiligini öz üstüne alan ynamdar yglannama ýa şolar ýaly zat entek peýda bolanok. Ýarag satylýan iki dükana we Milli gwardiýanyň bazasyna gönükdirilen hüjümlerden soňra ýurtda ýokary dereje hüşgärlik çäreleri girizildi. Hüjümçileriň birnäçesi entek ele salnanok.

Prezidentiň websaýtynda ýerleşdirilen aýry-aýry beýanatlarda Nazarbaýyw hüjümleri gurnanlar "daşary ýurtlardan görkezme alan galp dini radikal hereketler" we "eline ýarag alyp, adamlary öldürýän adam ölüm jezasy bilen jezalandyrylmaly" diýýär.

Maratoriý

Uzak wagt bäri ýurtda höküm sürüp gelýän prezident 2003-nji ýylda ölüm jezasyna moratoriý girizdi. 2007-nji ýylda ölüm jezasy resmi taýdan ýatyryldy, ýöne terrorçylykly işler ýurduň baş kanuny boýunça muňa dahylly däl.

Şeýle hem 8-nji iýunda Nazarbaýewiň resmi websaýtynda onuň howpsuzlyk gulluklarynyň başlygy Wladimir Žumakanowa gaçgaklary gözlemek işini dowam etdirmeli, güman edilýänler "ýaragly garşylyk görkezen halatynda ýok edilmeli" diýip görkezme berendigi habar berildi.

"Biz olaryň şu regiondadygyny bilýäris. Olaryň kimlerdigini anykladyk, bu barada ýerli halka duýduryldy" diýip Nazarbaýew aýtdy.

Hüjümçiler görkezmäni daşardan alypdyr diýilýän beýanatda olara kimiň görkezme beren bolmagy mümkin diýip çaklara salgylanma ýok.

Içeri işler ministrligi 8-nji iýunda Azat Ýewropa we Azatlyk Radisyna beren interwiýusynda hüjümçi diýip güman edilýän 13 adam öldürilip, dördüsiniň ýaralanandygyny, alty adamyň hem entek ele salynmandygyny aýtdy.

Prezidentiň websaýtynda bildirilmegine görä, Gazagystan pidalaryň hatyrasyna 9-njy iýuny milli ýas güni diýip yglan eder.

Howpsuzlyk gulluklarynyň başlygy Žumakanow Nazarbaýew bilen geçiren duşuşygynda häkimiýetleriň Aktobe hüjümlerine "taýýarlyk görmäge gatnaşmakdan boýun gaçyrdy" diýilýän 20 adamyň şahsyýetini anyklap, olardan sorag edendigini aýtdy. Ýöne ol başga maglumat bermedi.

Gazak polisiýasynyň sözçüsi Almas Sadubaýewyň aýtmagyna görä, hüjümçiler däp bolup gelýän dini hereketlere eýermeýän, ýagny Orta Aziýada aýdylyşy ýaly, ekstremistik yslamçy toparlar diýip güman edilýär.

Ýöne gazak parlamentiniň ýokarky palatasynyň senatorlary hadysalary ýurduň asudalygyna, durnuklylygyna garşy gönükdirilen "hapa jenaýatçylykly hüjüm" diýip ýazgaryp, jenaýatçylaryň eden işiniň "din bilen hiç bir ilteşigi ýok" diýdiler.

Ýurtda häzir ýokary dereje hüşgärlik höküm sürse-de, Aktobede durmuşyň öz adaty ýagdýayna öwrülip gelýändigini görkezýän alamatlar ýok däl. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy 400 müň ilatly bu şäherde söwda merkezleriniň we mektepleriň gaýtadan açylyp, jemgyýetçilik gatnawynyň adatdakysy ýaly işleýändigini habar berdi.

Gullugyň bildirmegine görä, parahat ilatdan öldürilen üç adam 8-nji iýunda jaýlanypdyr.

Aktobede bolan hadysalar berk kontrollyk astyndaky 18 million ilatly ýurtda seýrek bolýan zorlukly herektdir.

Gazagystan ekerançylyk ýerlerini reformirlemek planyna garşy aprel we maý aýlarynda turan giň gerimli protestler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şol demonstrasiýalar bilen baglylykda müňden agdyk aktiwist tutuldy. Olaryň köpüsi rugsat edilmedik üýşmeleňleri gurnanlykda ýa olara gatnaşanlykda günäli tapylyp, on-on bäş gün türme tussaglygyna höküm edildi.