“Yslam döwleti” (YD) toparynyň Siriýada we Yrakda harby şowsuzlyklary ekstremist toparyny Günbatarda, Orsýetde we beýleki halkara nyşanlara has köp hüjüm etmäge itergi berip biler, diýip BMG-niň resmisi aýtdy.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Jeffrey Feltman YD toparynyň döredýän howpy baradaky öz netijelerini 8-nji iýunda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde mälim etdi. Feltman ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň we Siriýada Orsýet tarapyndan goldanýan güýçleriň edýän söweşleriniň netijesinde söweşiji toparyň güýçden düşýändigi aýdylýar.
Muňa garamazdan Feltman öňegidişligiň gaýtaryp bolmajak derejede däldigini belläp, “ýaňy-ýakynky şowsuzlyklary sebäpli YD-nyň täze bir tapgyra geçmegi mümkin we öz bölümleriniň roluny güýçlendirip, häzirki konflikt zonasynyň daşynda köptaraplaýyn, dowamly halkara hüjümlerini amala aşyrmak üçin herekete geçmegi mümkin” diýdi.