German ministri NATO-ny aýyplaýar

Frank-Walter Steinmeier

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier NATO-nyň gündogar Ýewropadaky harby maşklaryny «söweş gižželemesi» hökmünde tankyt etdi.

"Biziň şu günki günde harbylaşyp, ýagdaýy öjükdirmekden, aýak tapyrdatmakdan gaça durmagymyz gerek» diýip, Steinmeier Germaniýanyň«Bild am Sonntag» neşirinde 19-njy iýunda çap edilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Ol «gündogar serhetdäki simwoliki paradlar we tanklar bilen ýaranlykdaky howpsuzlygy berkidýändirin öýtmek ýalňyş» diýdi.

NATO 13-nji iýunda Estoniýada, Latwiýada, Litwada we Polşada, bu ýurtlaryň mümkin bolan rus agressiýasyndan gorkusyny azaltmak üçin, täze batalýonlary ýerleşdirjekdigini yglan etdi. Moskwanyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny bikanun anneksiýa edip, gündogar Ukrainada separatist hereketini goldamagy şeýle gorkynyň güýçlenmegine getiripdi.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 16-njy iýunda Orsýet «harby serişdeler arkaly täsir zonasyny döretmäge çalyşýar» diýdi. Şeýle-de ol Orsýetiň öz goňşulary, harby ýaranlyga girýän ýurtlar bilen araçäkde «köpçülikleýin harbylaşma» çärelerini görýändigini aýtdy.

NATO-nyň 24 ýurdunyň 31 müň çemesi esgeri geçen hepde Polşada we Litwada goranyş operasiýalary boýunça okuw geçdiler. Olaryň arasynda Germaniýanyň hem esgerleri boldy.

Orsýet NATO-nyň ozalky sowet ýurtlarynyň çägine giňelmegine garşy çykyp, bu ýaranlygyňrus serhetlerine golaý ýerlerde harby desgalaryny güýçlendirmek boýunça islendik hereketine garşy çäre görjekdigini aýtdy.

NATO resmileri gelýän aýda Warşawada duşuşyp, ýaranlygyň gündogar çäklerinde täze goşun ýerleşdirmek planlaryny resmi taýdan tassyklamak barada maslahat ederler.

Orsýetiň Döwlet dumasynyň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Alekseý Puşkow Steinmeieriň sözlerini “esasly pikirler» hökmünde gutlap çykyş etdi.

Prezident Wladimir Putin 17-nji iýunda Sankt Peterburgdaky ykdysady forumda çykyş edip, Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary Ukrain krizisini «Demirgazyk Atlantik blogyň dowam etmegini esaslandyrmak üçin» ulandylar diýdi.

"Olara daşarky garşydaş, daşarky duşman gerek, ýogsam bolmanda bu hili guramanyň näme maksady bolsun?» diýip, ol aýtdy. «Indi Warşawa şertnamasy ýok, Sowet Soýuzy ýok, onsoň ol kime garşy gönükdirilen?»

Steinmeier 19-njy iýunda başga bir söhbetdeşlikde Ýewropa Bileleşigi Orsýete garşy girizilen sanksiýalary, eger Ukrainadaky parahatçylyk prosesinde düýpli ilerleme bolsa, ýuwaş-ýuwaşdan aýyrmaly diýdi.