Orsýet günbatar serhetlerini pugtalandyrýar

Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu

Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Orsýetiň “täze we döwrebaplaşdyrylan gurallaryň 2000 birligini ornaşdyrmak arkaly” öz günbatar serhetlerini berkidýändigini aýtdy we munuň NATO-nyň Gündogar Ýewropada kuwwatyny artdyrmagyna jogapdygyny belledi.

“Orsýetiň günbatar serhetlerindäki harby we syýasy ýagdaý durnuksyzlygyna galýar”, diýip Şoýgu 29-njy iýunda Moskwada goranmak resmilerine aýtdy.

Şoýgu ABŞ-nyň we NATO-nyň agzalarynyň “esasan Orsýetiň goňşularynda öz harby mümkinçiliklerini artdyrmagyny” dowam etdirýändigini belledi we NATO-nyň Estoniýada, Latwiýada, Litwada we Polşada goşmaça harby bölümlerini dörtmek planlaryna yşarat etdi. NATO bu planlaryny Orsýetiň 2014-nji ýylyň mart aýynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmeginiň yzýany yglan edipdi.

Kreml NATO-nyň bu planlaryny, şeýle-de Gündogar Ýewropa raketadan goranyş sistemalaryny ýerleşdirmek planlaryny tanyt edýär we Orsýetiň milli howpsuzlygyna howp hökmünde seredýär.