Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani Waşingtonyň Owganystandan amerikan harbylaryny çykarmak işini haýallatmak baradaky kararyny makullady.
Ghani 7-nji iýulda eden beýannamasynda “ABŞ-nyň esasan hem terrorizme garşy söweşde berk we ynamdar partnýor hökmündäki möhüm roluny” nygtady.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama öz prezidentlik möhletiniň gutarmagyndan soň indiki ýylda Owganystanda ABŞ-nyň 8400 harbysyny saklanjakdygyny 6-nji iýulda yglan etdi.
Obama amerikan harbylarynyň Owganystandaky sanyny 2016-njy ýylyň aýagyna çenli häzirki 9800-den 5500 çenli azaltmagy planlaşdyrypdy.
Emma Obama Owganystanda howpsuzlyk ýagdaýynyň “howply” bolmagynda galýandygyny we “Talybany” wehim salýandygyny belledi.
Şeýle-de Obama Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň henizem talaba laýyk güýçli däldigini aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti Owganystandaky konflikti soňlamagyň ýeke-täk ýolunyň Kabuldaky hökümetiň we “Talybanyň” arasynda syýasy gepleşik geçirmekdigini belledi.