Türkmenistanda näme üýtgäpdir?

Aşgabadyň awiabilet satylýan edarasynda nobata duran adamlar.

Tomus aýlarynyň gelmegi bilen dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmen migrantlar, studentler we olar bilen durmuş baglary bolan daşary ýurtlylar öz dogan-garyndaşlaryny, çagalaryny we tanyş-bilişlerini görmek üçin Türkmenistana baryp-gelýärler. Olaryň arasynda ençeme ýyldan soň Türkmenistana barýanlar hem bar.

Ýogsa-da, ençeme ýyldan soň Türkmenistana baranlaryň ünsüni çekýän zatlar näme? Olary geň galdyran, buýsandyran we göwnüni galdyran zatlar näme?

Azatlyk radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda golaýda Türkmenistana baryp-gaýdan türkmen migrantlaryň we daşary ýurtlylaryň owalky hem häzirki ýagdaýlary deňeşdirip berýän bahalaryna gönükdirýär.

Bu temada gepleşige gatnaşyp, öz başyndan geçirenlerini, tejribedir-belliklerini dünýä türkmenlerine ýetirmek isleýänler hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylary arkaly aragatnaşyga geçsin. Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma galdyryp bilersiňiz.