Tähran ýadro ylymlary boýunça alymyna jeza berdi

Ýadro ylymlary boýunça alym Şahram Amiri Ymam Homeini aeroportunda öz maşgala agzalary tarapyndan garşy alynýar, Tähran, 15-nji iýul, 2010.

Eýran ýadro ylymlary boýunça alymy asyp jezalandyrandygyny 7-nji awgustda yglan etdi we onuň Birleşen Ştatlara gizlin maglumatlary berendigi üçin jeza çekendigini aýtdy.

Geçen hepdede Eýran ýaňy-ýakynda 20 adamy ölüm jezasyna höküm edendigi üçin tankyt edilipdi.

AFP agentliginiň maglumatyna görä, Eýranyň Adalat edarasynyň metbugat-wekili alym Şahram Amiriniň “ýurduň baş syryny duşmana paş edendigi üçin asylyp öldürilendigini” Mizan internet neşrine aýdypdyr.

Amiriniň 2009-njy ýylda näbelli sebäplere görä Birleşen Ştatlardan gaýdyp baransoň Saud Arabystanynda dereksiz ýitendigi habar berilipdi.

Şondan bäri peýda bolan wideo ýazgylarda Amiri başda özüniň ABŞ-nyň we Saud Arabystanynyň agentleri tarapyndan ogurlanandygyny mälim edipdi, yzýany özüniň ABŞ-da erkin ýaşaýandygyny habar beripdi, soňunda-da öýüne dolanmak isleýändigini aýdypdy.

Amiriniň maşgala agzalary onuň howpsuzlygy barada howatyrlanýandygyny, onuň bilen duşuşmaga päsgelçilikleriň döredilýändigini aýdypdylar we alymyň dolanmagynyň sebäbini onuň Eýrandaky garyndaşlaryna basyş edilmegi bilen düşündiripdi.