Azerbaýjanyň, Eýranyň we Orsýetiň prezidentleri bilelikdäki ykdysady proýektleri we regional howpsuzlygy maslahat etmek üçin 8-nji awgustda Bakuwda duşuşýarlar.
Ylham Aliýewiň, Hassan Rohaniniň we Wladimir Putiniň arasynda geçiriljek duşuşykda täze halkara transport koridory baradaky gepleşiklere üns beriljekdigini Azerbaýjanyň prezidentiniň edarasy habar berýär.
Orsýet bilen Hindistanyň arasyndaky koridor transport çykdajylaryny azaltmagy we bu ýoluň ugrundaky söwdany artdyrmagy maksat edinýär.
Kreml hem azeri paýtagtynda geçiriljek sammitde transport koridoryna, hususanda Eýran bilen Azerbaýjanyň arasyndaky demirýoluň gurluşygyna üns beriljekdigini aýdýar.
Eýranyň “IRNA” habar agentliginiň ýazmagyna görä, Tähran gepleşikler Eýran-Orsýet gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam berer diýip umyt edýär.