Orsýet Birleşen Ştatlaryň Siriýa boýunça eden soňky beýannamasyna terrorizme goldaw berilmegi bilen deň seredýändigini aýdýar.
Döwlet departamentiniň metbugat-wekili John Kirby eger Orsýet Siriýanyň demirgazygyndaky Aleppo şäherinde “hüjümleri bes etmek boýunça gyssagly ädimleri ätmese” Waşingtonyň Orsýet bilen Siriýa boýunça ähli hyzmatdaşlygyny ýatyrmaga taýýarlanýandygyny 28-nji sentýabrda aýtdy.
Şeýle-de Kirby Orsýetiň Siriýadaky zorlugyň bes edilmegine gyzyklanma bildirendigini, sebäbi ekstremistleriň ol ýerdäki boşlukdan peýdalanyp, “Orsýetiň bähbitlerine, belki-de hatda Orsýetiň şäherlerine garşy” hüjümlere başlamagynyň ähtimaldygyny belledi.
Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow 29-njy sentýabrda bu çykyşy kommentirläp, ony “duýga erk edip bilmezlik” diýip atlandyrdy.
Şeýle-de ol Moskwanyň 48 sagatlyk “ynsanperwer arakesmesini” teklip edendigini, ABŞ-nyň Siriýa boýunça teklip eden ok atyşygy bes etmek boýunça ýedi günlük arakesme planynyň, bolsa, Orsýet üçin “kabul ederlikli bolmandygyny” aýtdy.