ABŞ-nyň Tehas ştatynda yrakly bosgun özüniň “Yslam döwleti” atly topara goldaw bermäge synanyşandygyny boýun aldy.
Prokurorlaryň aýtmagyna görä, 17-nji oktýabrda Hýustonyň federal sudunda 24 ýaşly Omar Faraj Saed al-Hardan özüniň günälidigini boýun aldy.
Şu ýylyň ýanwar aýynda tussag edilen Hardan 20 ýyla çenli türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Ol 2009-njy ýylda yrakly bosgun hökmünde Birleşen Ştatlara geldi diýip, prokurorlar aýdýarlar.