Moskwada bir ýaş gyzyň kellesini kesen özbek aýaly öz günäsini boýun aldy. Fewralda Gülçehra Babakulowa bir rus gyzynyň kellesini elinde tutup, “Moskwa” metro stansiýasynyň golaýynda “men terrorist” diýip, gygyrypdy.
Bu waka Russiýada uly reaksiýa döretdi. Milletçiler we beýlekiler merkezi aziýa ýurtlaryndan gelýän migrantlara gözegçiligi güýçlendirmek ugrunda çagyryş etdiler.
4 ýaşly gyza eneke hökmünde tutulan – 38 ýaşly Babakulowa 29-njy fewralda tussag edilipdi. Derňewçileriň aýtmagyna görä, ol gyzy öldürip, kellesini kesenden soň, jaý eýeleriniň öýüni hem otlapdyr.