Täjigistanda Rogun bendiniň gurluşygy başlandy

Rogun bendiniň gurluşyk işleri. 29-njy oktýabr, 2016 ý.

Täjigistanda resmi taýdan Rogun bendiniň gurluşygy başlandy. Gurluşyk işleri bilen baglylykdaky 3.9 milliard dollarlyk kontrakty Italiýanyň Salini Impregilo kompaniýasy gazanypdy.

Gurluşyga badalga beriş dabarasyna prezident Emomali Rahmon hem gatnaşdy.

Mundan bir gün öň, ýurtdaky iri gidroelektrik stansiýalarynyň birinde ýüze çykan näsazlyk sebäpli, ýurduň aglaba böleginde üç sagat çemesi elektrik togy kesilipdi.

Täjigistan ozalky sowet respublikalarynyň arasyndaky iň garyp ýurtlaryň biri bolup, ol gidroelektrik stansiýalaryna juda garaşlydyr.

Resmiler Rogun bendiniň tutuş ýurdy elektrik energiýasy bilen üpjün edip biljekdigini aýdýarlar.

Geçen ýyllarda Özbegistan bendiň gurulmagy netijesinde öz pagta meýdanlaryna gelýän suwuň akymynyň peselip biljekdigini aýdyp, nägileligini bildiripdi.