Tramp rus prezidenti Putin bilen telefonda gepleşmek isleýär

Donald Tramp rus prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda gepleşmek isleýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp ýakyn wagtda rus prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda gepleşmek isleýändigini aýtdy.

Tramp bu sözleri 12-nji noýabrda «The Wall Streýet Journalda» çap edilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Ol Putinden 9-njy noýabrda iberilen gutlag telegrammasyny alandygyny, ol telegrammada«rus-amerikan gatnaşyklarynyň durnukly ösüş ýodasyna gaýdyp barmagyna isleg bildirilýändigini» habar berdi.

Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow 11-nji noýabrda ABŞ-nyň CNN telekanalyna «hem Putiniň, hem Trampyň «örän pragmatik» liderdigini aýtdy.

“Şol bir wagtda olaryň ikisi hem beýleki ýurtlar bilen-de gowy gatnaşyk guramaga taýýarlyklaryny bildirdiler” diýip, Peskow aýtdy. “Bu örän gowy, örän pozitiw gabatlaşma” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.