Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli türkmen-palestin gepleşikleriniň dowamynda resminamalaryň ençemesine gol goýuldy.
14-nji noýabrda Palestina döwletiniň prezidenti Mahmud Abbas we türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki beýanata gol goýdular.
Şeýle-de, türkmen-palestin resmileri iki ýurduň arasynda ykdysadyýet, ýokary bilim we turizm pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişme memorandumlaryna gol çekdiler.
Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbasyň Aşgabada edýän resmi sapary 13-nji noýabrda başlandy we onuň 15-nji noýabrda tamamlanmagyna garaşylýar.
Onuň bu saparynyň çäginde Palestinanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň açylyş dabarasy hem amala aşyrylar diýlip, resmi metbugatda habar berilýär.
Türkmenistan bilen Palestinanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň aprel aýynda ýola goýlupdy.