Hytaýdaky gurluşyk heläkçiliginde 40 adam öldi

Hytaýda gurluşyk heläkçiliginiň bolan ýerinde halas ediş gullugynyň işgärleri gözleg-agtaryş işlerini geçirýärler. 24-nji noýabr, 2016 ý.

Hytaýyň döwlet telewideniýesi ýurduň gündogarynda gurluşyk sekiniň ýumrulmagy netijesinde azyndan 40 adamyň ölendigini aýdýar.

Fengçeng şäherinde gurulýan elektrostansiýadaky gurluşyk seki 24-nji noýabrda ýumruldy.

Hytaýyň resmi “Xinhua” habar agentligi gurluşygyň aşagynda başga-da adamlaryň ençemesiniň gysylyp galandygyny aýdyp, ölenleriň sanynyň artmagyna garaşylýar diýdi.

Soňky aýlarda Hytaýda senagat heläkçilikleriniň ençemesi hasaba alyndy. Bu wakalara korrupsiýanyň we howpsuzlyk çärelerine üns berilmezligiň sebäp bolýandygyna üns çekildi.