Fransuz sudy Abliýazowy Orsýete bermek baradaky karary ýatyrdy

Muhtar Abliýazow

Fransiýanyň ýokary adminstrartiw sudy gazak tütjary we oppozisiýa lideri Muhtar Abliýazowy Orsýete ekstradisiýa etmek baradaky karary ýatyrdy.

Döwlet geňeşi sudunyň 9-njy dekabrdaky beýanatynda talabyň syýasy sebäpler esasynda edilendigi üçin, suduň ekstradisiýa kararyny ýatyrandygy aýdylýar.

Fransuz hökümeti Abliýazowyň Orsýete ekstradisiýa edilmegini 2015-nji ýylyň sentýabrynda tassyk etdi.

Emma 9-njy dekabrdaky karar indi ekstradisiýa etmek baradaky buýrugy ýatyrýar.