Rus we Eýran prezidentleri Siriýa hakynda maslahatlaşdy

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we onuň eýranly kärdeşi Hassan Rohani, Baku, 8-nji awgust, 2016

Orsýetiň we Eýranyň prezidentleri «Siriýa krizisine syýasy çözgüt tapmaga ýardam etmek babatdaky meselelerde bilelikde işleşmegi dowam etdirmek» ylalaşygyna geldi. Bu barada Kremliň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we onuň eýranly kärdeşi Hassan Rohani 24-nji dekabrda telefonda gürleşdi we Siriýanyň hökümet güýçleriniň Aleppony yzyna almagyny bu konfliktdäki «gaýdyş pellesi»diýip häsiýetlendirdi.

Resmi habara görä, iki prezident Siriýanyň parahatçylyk gepleşiklerini gazak paýtagty Astanada geçirmek barada ylalaşdy.