Orsýetiň we ABŞ-nyň arasynda Eýran blen ýadro ylalaşyga degişli uly aratapawut ýok diýip, Orsýetiň Waşingtondaky ilçisi Sergeý Kislýak RIA täzelikler agentligi tarapyndan sitirlenýär.
Kislýagyň 10-njy fewralda RIA agentligine aýtmagyna görä, Moskwa Eýran bilen ýadro ylalaşygy boýunça Waşington bilen dialog alyp barmak isledi, bar bolan aratapawutlar bolsa, düýp-esaslara däl-de, aksentlere degişli bolupdyr.
Şeýle-de orsýet ilçisi ABŞ-nyň täze administrasiýasynyň Ukrainadaky ýagdaýlar boýunça pozisiýasyny, öňki hökümete garanda “has oýlanyşykly” diýip atlandyrdy.
Muňa garamazdan, Kislýak Trampyň Ukraina boýunça “öz garaýyşlaryny entek kesgitlemelidigini” RIA agentligine beren interwýusynda aýtdy.