Özbek prezidenti 6-7-nji martda Türkmenistana sapar eder

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça, 6-7-nji martda, Türkmenistana sapar eder.

Bu barada türkmen we özbek habar gulluklary habar berdi.
Taraplar türkmen-özbek gatnaşyklary barada maslahat eder, regional we halkara meseleleri barada pikir alşar.

Iki prezidentiň gepleşiklerinden soň strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekiler diýip, Özbegistanyň milli habar gullugy ýazýar.