Pakistan milli ilat ýazuwyny geçirýär

Pakistanly esgerler we polisiýa ilat ýazuwy üçin maglumat toplaýan Statistika boýunça edaranyň işgäriniň howpsuzlygyny berjaý edýärler, Peşawar, 15-nji mart, 2017.

Pakistan soňky 20 ýyl çemesi wagtyň dowamynda ilkinji ilat ýazuwyny geçirmek üçin howpsuzlyk şertlerini güýçlendirýär.

Pakistanyň ilat ýazuwy boýunça baş resmisi Asif Bajwa ýazuwyň 15-nji maýda jemlenjegini aýdýar. Onuň sözlerine görä ilkinji gezek barlaglaryň düzümine Pakistanda ýaşaýan 1 million çemesi owgan bosguny we transgender adamlary giriziler.

200 müň çemesi esger ilat ýazuwyny geçirýän adamlaryň howpsuzlygyny üpjün eder.

Pakistan dünýä ýurtlarynyň arasynda ilat sany boýunça altynjy ýerde durýar. 1998-nji ýylda geçirilen iň soňky ilat ýazuwynda Pakistanyň ilatynyň 180 million çemesidigi yglan edildi. Şondan soň ilat ýazuwyny geçirmek boýunça synanyşyklar ýurtda howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlygy sebäpli yza tesdirilipdi.