Siriýada himiki ýaragly bolmakda güman edilýän hüjümde 72 adam wepat boldy

Sosial media serişdelerinde ýerleşdirilen wideodan alnan pursat, Siriýa, 4-nji aprel, 2017.

Siriýada gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki şäherde himiki ýaragyň ulanan bolmagy güman edilýän hüjüm zerarly wepat bolanlaryň sany 72 adam ýetdi, diýip synçy gurama habar berýär.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi bu ýagdaý boýunça adatdan daşary maslahat geçirmäge taýýarlanýar.

Britaniýada ýerleşýän “Adam hukuklary boýunça synçy” atly gurama wepat bolanlaryň ýarysy çagalar we zenanlar diýip, 5-nji aprelde habar berdi.

Mundan öň wepat bolanlary sany 58 adam diýlip habar berilipdi.

Synçy gurama hüjümde himiki ýaragyň ulanylyp-ulanylmandygyny agzamady, emma ýerli lukmanlar hüjümde nerw gazy sariniň ulanylan bolmagyny çak edýändigini aýtdylar.

5-nji aprelde BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde günbatar ýurtlaryň taýýarlanan hüjümi ýazgaryjy rezolýusiýasy maslahat edildi. ABŞ we beýleli ýurtlar Siriýanyň prezidenti Başa al-Assady aýyplap çykyş etdiler, Orsýet bolsa öz ýaranyny goldap, rezolýusiýa gadagançylyk girizdi.

Orsýet Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän uruşda Assadyň režimine harby we diplomatik goldawyny berýär.