Azerbaýjanyň Orsýetdäki ilçisi Polat Bilbilogly “Türkmenistanyň halk artisti” hormatly adyna eýe boldy.
Türkmenistanyň resmi mediasyna görä, Polat Bilbilogly Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasynda dostlugy, doganlygy, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şeýle-de iki ýurduň arasynda medeni we gumanitar ugurlardan aýratyn edermenlik görkezendigi üçin we aýdym-saz sungatyndaky zehini we üstünlikleri üçin bu ada mynasyp bolupdyr.
Türkmenistan Azerbaýjanyň at gazanan we artisti Polat Bilbiloglyny 2014-nji ýylda “Magtymguly pyragy” medaly bilen sylaglapdy.
Kompozitor, aýdymçy we aktýor 72 ýaşly Bilbilogly onlaça eseri, şol sanada “Gorkma men seniň bilen” atly kartina bilen tanymal.