Orsýet Ýeňiş baýramyny uly dabara bilen belleýär

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ikinji Jahan Urşunda gazanan ýeňişiň ýyl dönüminde Gyzyl meýdançada çykyş etdi, Moskwa, 9-njy maý, 2017.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ikinji Jahan Urşunda ýaranlaryň nasistik Germaniýa garşy gazanan ýeňişiň ýyl dönüminde eden çykyşyny Günbatar ýurtlaryny Mowskwanyň terrorizme garşy göreşiniň ýoluna eýermäge basyş etmek üçin ulandy.

Putin bölünişigiň Adolf Gitleriň goşunlarynyň tutuş Ýewropany basyp almagyna we planeta howp salmagyna mümkiçnilik döredendigini belledi.

Putin 9-njy maýda Gyzyl meýdançada harby ýörişde eden çykyşynda 1945-nji ýylyň ýeňişinde esasy goşandyň Sowet Soýuzynyň paýyna düşýändigini belledi we dünýädäki şu günki durnuksyzlygyň Orsýetden öz goşunyny pugtalandyrmagy talap edýändigini aýtdy.

Ikinji Jahan Urşunyň “wagşyçylykly betbagtçylygynyň” öňüniň alynmandygynyň sebäbi “ilkinji nobatda jenaýatçylykly ideologiýa we jynsy aýratynlygyna ýol berlendigi, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň bölünişigibilen bagly boldy” diýip Putin döwlet telewideniýesinde görkezilen çykyşynda aýtdy.