Birleşen Ştatlar prezident Donald Trampyň gelýän hepde Riýada planlaşdyrylan saparyndan öň Saud Arabystany bilen 100 milliarda dollardan gowrak bahasy bolan ýarag ylalaşygyny taýýarlaýar diýip, “Roýters” habar gullugy 12-nji maýda habar berdi.
Ak tamyň resmileri ýarag paketiniň bahasynyň on ýylda 300 milliard dollardan hem aşyp, Saud Arabystanynyň Eýrana we “Yslam döwleti” ekstremist toparyna, beýleki regional howplara garşy goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmaga kömek etjegini aýtdylar diýip, “Roýtersiň” habarynda aýdylýar.
Bu ýarag paketi Trampyň Saud Arabystanyna, onuň 19-njy maýda başlanýan ilkinji daşary ýurt saparlarynyň ilkinji gonalgasyna gabatlandy.
Birleşen Ştatlar Saud Arabystanynyň öňden gelýän esasy ýarag üpjünçisi bolup durýar.