Türkmenistan awiabiletleri ineternet arkaly satmagy planlaşdyrýar

Aşgabat, uçar biletlerini uzyn nobaty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow awiabiletleriň intenet arkaly satylmagy baradaky teklibi goldady diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Wise-premýer Baýram Annameredow Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde uçar biletlerini “Türkmenhowaýollary” gullugynyň internet saýtynda satuwa çykarmak üçin görülýän çäreler barada gürrüň berdi diýip, TDH-nyň maglumatynda aýdylýar.

Emma muňa garamazdan, ýerli synçylar “Türkmenhowaýollary” gullugynyň awiabilet satyljak internet saýtynyň derekli işlemeýändigini belleýärler.

Türkmenistanda uçar, otly we awtobus biletleri henizem köne usulda satylýar we ýolagçylar bilet almak meselesinde korrupsiýanyň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.