Owganystanda üç raýatyň amerikan harbylary tarapyndan atylyp öldürlendigi aýdylýar

Owganystanyň Nangarhar welaýaty

Owganystanyň Nangarhar welaýatynda üç raýatyň ABŞ-nyň güýçleri tarapyndan öldürilendigini ýerli resmiler aýtdylar.

Ghani Kel etrabynyň ýolbaşçysy Abdul Wahab 12-nji iýunda irden amerikan harbylarynyň öz awtoulagyna ýolda goýlan bomba zerarly zeper ýetensoň ot açandygyny aýtdy.

“Olar golaýda ýöräp barýan raýatlary oka tutup, üçüsini öldürdiler” diýip, Wahab aýtdy. Şeýle-de, owgan resmisi “olar şol adamlaryň bombany goýanlar diýip, çak eden bolmagy mümkin” diýip belledi.

Welaýatyň häkiminiň metbugat-wekili Attaullah Hogyani bir adamyň we onuň iki oglunyň atylyp öldürlendigini habar berdi.

Amerikan harbylarynyň ýolda goýlan bombadan çeken zyýany barada dessine maglumat berilmedi.

ABŞ-nyň Kabuldaky harby ýolbaşçylary bu ýagdaýyň derňelýändigini aýtdylar.

DPA agentligine görä, “Talyban” topary partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alypdyr we şol wakada bäş sany daşary ýurtly harbynyň ölendigini aýdypdyr.