Owganysatanda soňky 24 sagatda azyndan 13 jeňçi öldürildi

Owgan howpsuzlyk güýçleri

Owgan resmileri soňky 24 sagatda ýurtda urlan howa zarbalarynda azyndan 13 jeňçiniň, şol sanda “Yslam döwleti” toparynyň 5 söweşijisiniň öldürilendigini aýdýarlar.

Howa zarbalary günorta-gündogardaky Paktika we demirgazykdaky Jowuzjan hem Sar-e Pul welaýatlarynda uruldy diýip, Içeri işle ministrligi 1-nji iýulda aýtdy.

Jowuzjan polisiýasynyň başlygy Abdul Hafiz Khoşi Jowuzjanyň Guşdepe etrapynda maşynlary urlanda “Yslam döwleti” toparynyň 5 söweşijisiniň öldürilendigini aýtdy.

Bir gün öň, 30-njy iýunda , Farah welaýatyndaky howpsuzlyk nokadyna guralan “Talyban” hüjümi netijesinde 6 sany polisiýa ofiseri öldürildi we söweşde 9 jeňçi ýok edildi.