Eýranly alym wizasyna garamazdan Bostonyň aeroportunda tussag edildi

ABŞ-nyň Eýrandaky ilçihanasynyň wizasy

Rak keseli boýunça eýranly alym Boston şäheriniň abraýly keselhanasynda işlemek üçin ABŞ baranda halkara aeroportunda saklandy diýip, Bostonyň keselhanasy 11-nji iýulda habar berdi.

Bostonyň çagalar keselhanasy Mohsen Dehnawiniň alymlaryň ABŞ barmagy üçin niýetlenen J-1 wizasynyň bolmagyna garamazdan, öz aýaly we üç ýaş çagasy bilen bilelikde tutulandygyny habar berdi.

Olar Bostona 10-njy iýulda barypdyr. 11-nji iýulda ABŞ-nyň resmileri Dehnawiniň maşgalasy bilen bilelikde Eýrana yzyna barýan uçara mündürlendigini aýtdylar.

“Bostonyň çagalar keselhanasy bu ýagdaýyň tizden-tiz çözüljegine we doktor Dehnawiniň hem onuň maşgalasynyň boşadylyp, Birleşen Ştatlara goýberilmegine rugsat beriljegini umyt edýär” diýip, keselhananyň metbugat-wekili Rob Graham aýtdy.

ABŞ-nyň Gümrük we serhet gözegçiligi boýunça gullugynyň metbugat-wekili Stefanie Malin Dehnawi maşgalasynyň tussag edilmeginiň sebäbiniň prezident Donald Trampyň esasan musulman ilatly alty ýurduň, şol sanda Eýranyň raýatlarynyň ABŞ syýahat etmegine girizen wagtlaýyn gadagançylygy bilen “bagly däldigini” aýtdy.