Owganystanyň aňtaw resmileriniň 6-njy awgustda aýtmagyna görä, Kabulda 16 tonna partlaýjy serişdäni alyp barýan ýük ulagy ele salynypdyr. Partlaýjy serişdeler guş iýmiti üçin niýetlenen gaplara ýerleşdirilipdir.
Howpsuzlyk boýunça milli müdirligiň beýanatynda aýdylyşyna görä, Pakistanyň ulag belgilerini göterýän we partlaýjy serişdeleri alyp barýan ulag bilen bilelikde bäş sany adam tussag edilipdir.
“Onuň içinde bombalary, ölüm keltekçelerini we Kabulda terrorçylykly hereketleri amala aşyrmak üçin partlaýjylar bardy” diýlip, beýannamada aýdylýar we 16500 kilogram partlaýjy serişdäniň ele salnandygy habar berildi.
31-nji maýda uly ýük ulagy Kabulda diplomatik jaýlarynyň ýerleşýän etrabyna hüjüm edip, 150 adamyň ölümine we 400 çemesi adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Pidalaryň aglaba bölegi parahat ýaşaýjylardy.
1500 kilogram partlaýjy serişdäni alyp barýan ýük ulagy arkaly amala aşyrylan şol hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.
BMG-niň maglumatlaryna görä, Owganystanda dowam edýän ýaragly konflikt zerarly 2009-njy ýylda bäri 26500 çemesi parahat ýaşaýjy wepat boldy we 49000 çemesi adam ýaralandy.