Türkmen hökümeti 2017-nji ýylyň başyndan bäri ýurduň ykdysadyýetiniň ösüş görkezendigini habar berdi.
4-nji awgustda yglan edilen resmi sanlara görä, ýedi aýyň dowamynda ýurduň umumy içerki önümçiligi 6.4% ösüpdir, öndürilen önümiň möçberi 4,7% artypdyr, bölek satuw haryt dolanyşygy 17.4% artypdyr.
Ýylyň başyndan bäri döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 11,1 milliard manada, çykdajy böleginiň 10,6 milliard manada barabar bolandygy, dürli çeşmelerden özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň 28,95 milliard manada ýetendigi habar berildi.
Şeýle-de aýlyklaryň ortaça 9% ýokarlandygy, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda tölenendigi resmi derejede habar berildi.