Gyrgyz parlamenti prezident diwanynyň başlygyny premýerlige tassyklady

Sapar Isakow premýer-ministrlige tassyklandy

Gyrgyzystanyň parlamenti prezident diwanynyň başlygyny Merkezi Aziýa ýurdunyň premýer-ministri wezipesine tassyklady.

Kanun çykaryjylar 25-nji awgustda Sapar Isakowyň kandidaturasyna we onuň teklip eden hökümetine aglaba köplükde goldaw sesini berdiler.

Gyrgyzystanyň öňki premýer-ministri Sooronbai Jeenbekow bir gün öň, geljek aýda geçiriljek prezident saýlawlaryna kandidat bolmak üçin, wezipeden çekildi.

Ses berişlige gatnaşan 102 deputatyň 97-si dolandyryjy Sosial demokratik partiýanyň agzasy Isakowyň haýryna ses berdi.

Garaşylyşy ýaly, eger prezident Almazbek Atambaýew täze hökümeti tassyklap gol çekse, Isakow ýurduň soňky ýedi ýyldaky ýedinji premýeri bolar.