“Irma” tupany Haiti we Dominikan Respublikasyna tarap ugur aldy

"Irma" tupany demirgazyk Karib adasynda Fajardo, Puerto Riko, 6-njy sentýabr, 2017.

Karib adalarynda güýçli şemal we ýagyn bilen zarba uran we azyndan 10 adamyň ölümine sebäp bolan “Irma” tupany Haiti we Dominikan Respublikasyna tarap ugur aldy.

ABŞ-nyň Florida ştaty ýakyn günlerde Maýaminiň golaýynda bolup biljek tebigy hadysa taýýarlyk görýär.

Öňünden çaklaýjy gulluklar “Irma” tupanyny “potensial betbagtçylykly” diýip atlandyrdylar we oňa 5-nji dereje berdiler. Bu ABŞ-da tupanlaryň güýjüni kesgitlemek boýunça iň ýokary baha hasaplanýar.

Fransiýanyň içeri işler ministri Gerard Collomb Sant Martinde sekiz adamyň wepat bolandygyny aýtdy.

“Bu adaty bolmadyk betbagtçylykda adanyň 95% ýumruldy” diýip, Saint Martiniň ýerli geňeşiniň ýolbaşçysy Daniel Gibbs aýtdy.

Antiguanyň we Barbudanyň hökümet baştutany Gaston Browne Barbuda adasynyň “ýumrulandygyny” we 1400 çemesi ýaşaýjysynyň ýarsynyň öýsüz galandygyny habar berdi.